Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda erkana ýaşaýan bagtyýar halkymyz şöhratly ýyllaryň senenamasyny dowam etdirjek ýene bir täze ýyla - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Halkymyzyň Täze ýyl baýramçylyk şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň ýagny, «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň elimize gowuşmagydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitaby Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpasynyň beýik alamatydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu täze eseri zähmetsöýer halkymyzda beýik söz ussadyna bolan buýsanç duýgularyny döretmek bilen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgin bilen bilen has-da beýgeljekdigini subut edýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen halkynyň durmuşynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda hem mynasyp orun eýeleýändigini beýan edýän bu kitap «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» diýen bölümleri özünde jemleýär. Bu täze kitapda şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli kabul edilen resminamalaryň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gutlaglarydyr çykyşlarynyň ýerleşdirilmegi eseri akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmekde we dünýä ýaýmakda gymmatly hazyna öwürýär.
Pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belende götermekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly tagallalary edýär. «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem beýik söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny ýene bir ýola tassyklady.
Aýnatäç NEDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.