«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan yglan edilýän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bu bäsleşigiň düzgünnamasy «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň 8-nji ýanwarda çykan sanynda çap edildi.
Bäsleşigiň düzgünnamasynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinden ugur alynýan döredijilik bäsleşigine dürli kärlerde zähmet çekýän, 37 ýaşdan uly bolmadyk ildeşlerimiz, şol sanda talyp we okuwçy ýaşlar gatnaşyp bilýär. Olaryň bäsleşige hödürleýän eserleriň many-mazmuny berkarar Watanymyza çuňňur söýgi döretmekden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň, ýaşlar syýasatynyň ähmiýetini giňden beýan etmekden, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, parahatçylygyň türkmen halky üçin ähmiýetini şöhlelendirmekden ybarat bolmalydyr.
Bäsleşigiň jemi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda jemlener. Onuň netijesinde iň gowy makalalar we şygyrlar aýratynlykda kesgitlener hem-de her ugur boýunça baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.
Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.