“ÝAŞ ZEHIN” TELEGEPLEŞIGINIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza, halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, birnäçe bäsleşikler yglan edilýär. Olardan “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil”, “Gulbaba adyndaky çagalar baýragy” ýaly bäsleşikleri aýratyn bellemek bolar. Bäsleşiklerde ýeňiji bolan ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny diňlemek, şeýle hem halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, olar bilen ýörite gepleşikler ýazylýar, tegelek stollar guralýar.

Ýaňy-ýakynda hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda yzygiderli ýaýlyma berilýän “Ýaş zehin” atly telegepleşiginiň täze sany ýazyldy. Oňa ýurdumyzyň zehinli çagalary, şol sanda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleri gatnaşdylar. Olaryň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, ýürek buýsançlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Munuň özi, körpe nesilleriň ýürekleriniň buýsançdan, alkyşdan doludygyny görkezýär. Çünki Türkmenistan arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy.

Körpe nesilleriň aýdyň geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Ýanwar 2025 | 44 okalan

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

07 Ýanwar 2025 | 2341 okalan

AKYLDARA BELENT SARPA