IŞJEŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär.

Taryhy ösüşlere beslenen döwrümizde ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi has-da guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti dünýädäki ýaşlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, nesilleriň arasyndaky bilimleri paýlaşma, şeýle-de ýaş dünýäni gurujylar üçin hereketleri artdyrmak maksady bilen döredilendir. Garaşsyz ýaşlar jemgyýeti hökmünde döredilen bu gurama 18-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar we ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky guramalar goşulyp, olar ÝUNESKO-nyň mandaty bilen baglanyşykly başlangyçlary durmuşa geçirmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň ýaşlar babatyndaky başlangyçlarynyň we beýleki ugurdaş taslamalaryň arasynda özara hereketleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Bu jemgyýet ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde hem çykyş edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň subutnamasydyr. Bu zatlar türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge we olary höweslendirmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bu gün ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, şeýle-de tejribe alyşmak maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmagy her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Bu zatlaryň sakasynda duran hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 3685 okalan

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER

28 Ýanwar 2025 | 95 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 152 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA