AT – TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

At türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Hawa, bedew barjamlylykdan, gurplulykdan nyşan bolsa-da, onuň haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy ýok ahyry. Ady äleme dolan türkmen bedewlerinde hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa haýwanlar şasy diýilse, adamlar ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Aslynda ynsan atyna şeýle baha berip, ony öz derejesine göteripdir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde atlaryň şöhraty bütin jahana ýaň salýar, sarpasy has-da belende göterilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» girizildi. Türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandyr. Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy-bular milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esaslarydyr. Türkmen topragynyň Altyndepe, Änew, Nusaý, Dehistan, Namazgadepe we Lebap welaýatlarymyzyň Araphandan, Amuldan, Mürzebeg ýaly gadymy taryhy ýadygärlikden atyň heýkel şekilleriniň we gap-gaçlara, küýzelere çekilen suratlaryň tapylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geradot, Marko Polo, N.Murawýow, A.Wamberi, K.Bode, Guliber de Blokwil, Logofet ýaly syýahatçy alymlaryň ýazgylarynda bedew ata bolan söýginiň türkmeniň asyl häsiýetine mahsusdygy nygtalýar. XIX asyryň başlarynda Türkmenistanda bolup gören wenger syýahatçysy A.Wamberi öz ýazgylarynda şeýle ýagdaýdan täsin şaýatnamalary galdyrypdyr. «Türkmenleriň baş ýaragy gürrüňsiz suratda atlarydyr, şonuň üçin bu çöl gerçekleri atlaryny öz keýwanysyndan hem, özünden hem zyýat söýýärler. Olar atlara şeýle yhlasly ideg edişlerini, aýazdyr tüp yssydan goraglamak üçin olaryň endamyny ýyly zatlar bilen ýapyşlaryny, öz egin-eşikleri sallam-sajak bolsa-da atlaryny we at eýerlerini sünnäläp bezeýişlerini täsindir we geňdir».

Hakykatdan hem ajaýyp türkmen bedewleri şeýle hormata, şeýle alada doly mynasypdyr, olaryň ýüwrükligi, çydamlylygy barada aýdylan ähli zatlarda jinnek ýaly hem ulaltma ýokdyr Ahalteke bedewiniň buýsançly keşbine halkyň taryhynyň simwoly hökmünde garalýar. Geçmişde her bir türkmeniň howlusynda at bolupdyr. Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr.

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň öwrenilmegine, seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine giň ýol açyldy. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ýaýratmakda uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny halkymyza peşgeş bermegi ahalteke atlary bilen bagly dürli maglumatlary öwrenmäge uly gollanma bolup durýar.

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

Bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 88 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 148 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

18 Ýanwar 2025 | 287 okalan

«Türkmenistan — ÝUNESKO»