TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Birleșen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeșiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda «Türkmen zenanlarynyň halkara hyzmatdaşlygynda we milli gymmatlyklarymyzyň dünýä dabaralanmagyndaky orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleșen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etmegi hem-de döwlet Baștutanymyzyň 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi mynasybetli geçirilen bu maslahata ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň we ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen mekdepleriň işjeň agzalary, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda bilim alýan talyp ýașlar onlaýn arkaly diňleýji bolup gatnaşdylar.

Türkmen ýaşlarynyň Watana bolan ygrarlylygyny pugtalandyrýan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek ähli çärelerde ýaşlary işjeň çekmäge çagyryş bolan bu maslahat Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goșgusynyň mazmuny esasynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen öz işine başlady.

Maslahatda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygary, onuň şekili, mazmuny we wezipeleri barada giňişleýin beýan edip, Türkmen halkynyň Milli Lideri. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly parasatly kitaplarynyň mazmunynda Oguz han atamyzdan bäri dowam edip gelýän türkmeniň parahatçylyk ýörelgeleri, Magtymguly Pyragynyň kalbynda göteren, şygyrlarynda beýan eden parahatçylyk pelsepesi barada hem türkmen ýaşlaryna wagyz etdiler. Onlaýn arkaly diňleýji bolup gatnaşan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda bilim alýan talyp ýașlar bu maslahatda wagyz edilen ündewleriň, beýan edilen maglumatlaryň ýüreginde göterýän Watan mukaddesliginiň gymmatyny has-da ýokarlandyrandygyny, Bitaraplygymyzy gözleriniň göreji deýin gorap, Watanymyza gerekli ogul-gyzlar bolup ýetișjekdiklerine ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny aýtdylar.

Giň mazmuna beslenen maslahat Gahryman we alym Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuș!» atly ajaýyp şygrynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymy bilen jemlenip, oňa gatnaşyjylaryň hakydasynda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

 

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klubynyň

we institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 88 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 148 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

18 Ýanwar 2025 | 287 okalan

«Türkmenistan — ÝUNESKO»