TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: HYZMATDAŞLYGYŇ NURANA MENZILLERI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu netijeli hyzmatdaşlyklar we gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, olaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, geçen döwürde Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Parfiýanyň Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň 9-sy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan işleri has-da giňeltmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini we hüwdiniň ýerine ýetirijilik sungatyny bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizmek boýunça edýän tagallalary her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygyny guwanç bilen bellemek biz üçin diýseň ýakymly. Munuň özi halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň hyzmatlarynyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Galyberse-de, berkarar Watanymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň açylandygy hem-de bu gün üstünlikli hereket edýändigini agzamalydyrys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ÝUNESKO bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ösdürmek, milli mirasy gorap saklamak, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 88 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 148 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

18 Ýanwar 2025 | 287 okalan

«Türkmenistan — ÝUNESKO»