TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: DIÝARDAN ÝAÝRAN ÝOLLAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde köp ýyllaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (UNESCO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýratyn bellemek bolar. Bu ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizildi. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna ýokary ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu Guramanyň adamzadyň intellektual we ahlak raýdaşlygyna, demokratiki gymmatlyklaryna, adam hukuklarynyň goraglylygyna gönükdirilendigi Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin häsiýetiniň girewi bolup çykyş edýär.

Häzirki Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary, möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde halkymyzyň medeniýetini, baý taryhy medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, şeýle-de onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur alyp, medeni mirasy hormatlamak, gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek we seljermek ugrunda alnyp barylýan işlere biz talyp ýaşlar hem öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.

Yhlas NAZARGYLYJOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

«Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň we

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 88 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 148 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

18 Ýanwar 2025 | 287 okalan

«Türkmenistan — ÝUNESKO»