Milli mirasy gorap saklamak ulgamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hemmetaraplaýyn ýakyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurdaky işler kabul edilen ýörite döwlet maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan işler ählimizi guwandyrýar. Çünki Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran we häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolup hyzmat edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem şonuň bilen bagly gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy hem-de bu abraýly edara bilim hyzmatdaşlygyň barha işjeňleşmegi babatda uly tagalla edýär. Medeni ýadygärlikleriň, maddy we maddy däl gymmatlyklaryň gorap saklanylmagynda ÝUNESKO-nyň möhüm we ähmiýetli orny bardyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler hem dowam edilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda «Görogly» dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» özleriniň mynasyp ornuny eýelediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň beýleki dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlenmegi netijesinde bu sanawa «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» girizildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak babatdaky taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Laçyn MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.