MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, milli mirasymyzy, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga amatly şertleri döredýär. Şu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Soňky ýyllarda bu abraýly halkara gurama tarapyndan milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň ençemesi umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan pursadyndan bäri bu guramanyň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşyp, özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde ykrar etdirdi. ÝUNESKO-nyň Konwensiýalarynyň ençemesini tassyklan ýurdumyzda bu guramanyň aýratyn medeni, taryhy we ekologiýa ähmiýeti bolan tebigy we beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamalary işjeň durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň çägindäki köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikler aýawly goralyp saklanýar. Olaryň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda umumadamzat gymmatlygynyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary bar.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna 2011-nji ýylda goşuldy. Şondan bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň hödürnamasy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungaty, 2016-njy ýylda Nowruz baýramy, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty girizildi. 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üsti türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirildi. 2023-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy, «Dünýä hakydasynyň» sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, Bütindünýä mirasynyň sanawyna «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi», «Aram guşaklykdaky Turan çöllügi» atly köptaraplaýyn hödürnamalar girizildi. Şeýle hem ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda bellenilýän şanly seneleriniň we baýramçylyklarynyň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi hem orun aldy. Türkmenistanyň käbir tebigy ýadygärlikleri hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy miras sanawyna girizildi.

Ýurdumyz tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyny giňeltmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, halkymyzyň medeniýetini, baý taryhy-medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, şeýle-de onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Biz — talyp ýaşlar hem bu ugurdaky işlere mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.

 

Nurjemal WELMUHAMMEDOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 52 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 133 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

18 Ýanwar 2025 | 275 okalan

«Türkmenistan — ÝUNESKO»