TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklarynyň hatarynda ene-mamalarymyzyň kämillik derejesine ýetiren türkmen halysy aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halyçy ene-mamalarymyzyň döreden gudratly sungatyna «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Türkmen halysy-sungat, türkmen halysy-aň beýikligi, Türkmeniň halysy-paýhasyň dabaralanmasy, türkmen halysy-heňňamlaryň ýaşaýyş hakyndaky soňlanmajak, bakylyk aýdymydyr» diýip ýokary baha berýär.

Türkmen sungatynyň gaýtalanmajak nepis nusgasy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilen türkmen halysy asyrlardan-asyrlara öz tebigy durkuny saklap gelipdir. Her çitimine, öýdümine ene-mamalarymyzyň ata Watana bolan söýgüsi, jandan eziz gören ýurduna, ojagyna bolan yhlasy siňen inçe senet asyrlaryň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlygyny alys ülkelere ýetiripdir.

Türkmen halylary ýüň, ýüpek, kendir, zygyr ulanmak bilen nagyşly hem nagyşsyz görnüşinde dokalypdyr. Nagyşly halynyň esasy kompozisiýasy onuň orta, gyra nagyşlarynda jemlenipdir. Amaly-haşam sungatynyň naýbaşy nusgasy hökmünde halynyň çeperçilik aýratynlygy onuň çitimleriniň, reňkleriniň köpdürli öwüşginliligi, solmazaklygy, onda ulanylýan ýüňüň, ýüpegiň berkligi, nagyşlarynyň owadanlygy, stilistiki taýdan bitewiligi, gyra hem orta nagyşlarynyň özara sazlaşygy bilen häsiýetlendirilipdir.

Alymlar haly dokamak işiniň gadym zamanlarda çarwa, ýarym çarwa we oturymly halklaryň arasynda ýüze çykandygyny ylmy esasda kesgitlediler. Ýüzýyllyklaryň geçmegi bilen bu senet kämilleşip, türkmen haly önümleriniň görnüşleri, olaryň kompozision gurluşy dürli mazmuna eýe bolupdyr. Düýphaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, eňsi, ýolam, aýnabukjasy ýaly görnüşler türkmenleriň altmyş başly öýlerini bezäpdir. Olar öýüň gurluşyna mahsus gönüburç, dörtburç, zolakly, tegelek, süýri, ýarym tegelek görnüşinde dokalypdyr.

Halkymyza daş-töweregi gurşap alan tebigat gözellikleri ýakymly täsirleri goýupdyr. Dürli halylaryň nagyşlarynda ösümlik, haýwanat dünýäsiniň, durmuş predmetleriniň bolmagy munuň netijesidir.  

Haly gölleri – halk zehininiň belli bir ýere jemlenmesidir. Durmuş babatda oý-pikirleriň hem-de şol bir wagtyň özünde pelsepe düşünjeler onda öz beýanyny tapypdyr.

Halylara iň köp salynýan nagyş teke gölidir. Şeýle-de japarbaý göl, gabsa göl, dyrnak göl ýaly nagyşlar dokma dokalanda giňden ulanylypdyr. Pendi halysyna bolsa pendi nagşy salnypdyr, ol tegelek, ullakan görnüşde bolupdyr.

Gahryman Arkadagymyz: «Aý, Gün, ýyldyz, dag, deňiz, gök şekilleri haly nagyşlaryna siňipdir. Haly gölleri-de asman ýyldyzlaryny ýadyňa salýar» diýip jöwher paýhasyndan syzylyp dörän «Arşyň nepisligi» atly kitabynda jaýdar belleýär. Eli hünärli ene-mamalarymyz haly dokanlarynda asmandan, ýerden, otdan, bulutlardan dürli nagyşlary düzüpdirler. Şol nagyşlaryň içinde Hazar deňziniň görnüşleride şekillendirilipdir. Onda deňiz gomlary, balykçylaryň gurallary, nawy saklaýan labyr, gäminiň keşbi beýan edilipdir. Mahlasy, halylar nirede dokalsa, onda daşky gurşawyň alamatlary beýanyny tapypdyr.

Haly önümleri halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Mysal üçin, haly torba durmuşda ownuk-uşak zatlary salmak üçin ulanylypdyr. Ol çitilip, ýüzüne dürli nagyşlar salnyp dokalypdyr. Ol ak öýüň töründen asylyp goýulýan haly çuwalyň gabat üstünden gerlipdir. Haly torbanyň daş ýüzi owadan nagyşlar salnyp dokalansoň ak öýlere aýratyn bezeg beripdir. Haly torbalaryň aşak eteginde ösgün seçegi hem bolup, onuň iç ýüzi palas dokalyşy ýaly darakda kakylyp dokalypdyr.

Haly önümleriniň ýene bir giňden ýaýran görnüşi haly çuwallarydyr. Haly çuwallar dürli reňke boýalan ýüpden çitilip çitme ýa-da kakma görnüşde dokalypdyr. Çitme çuwallar ak öýleriň töründen gerlip, kakma çuwallar gap-gaç salmak üçin ulanylypdyr.

Haly önümleriniň ýene bir görnüşi garçyn çuwallardyr. Garçyn çuwallar oturymly we çarwa durmuşynda giňden ulanylypdyr. Ol dulda tärimden gerlip goýlupdyr. Eger garçyn çuwallar ýüküň aşagynda goýulsa oňa artmak diýlipdir. Artmak çuwallaryň üsti çitme, aşagy kakma bolup, ol adaty çuwallardan has owadan bolupdyr.

Haly çuwallar adatça jübüt, ýagny taýly bolupdyr. Olaryň içinde pendi, teke, ýomut haly çuwallary has giňden ýaýrapdyr. Her bir oturymly oba-kent oňa öz durmuşyna mahsus gölleri salypdyr.

Türkmen ýaşaýyş durmuşynyň bagtyýarlyga beslenmegi bilen haly önümleri uly ösüş ýoluna düşdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlap «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserlerini döretmegi, türkmen halyçylary üçin döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy, bu ugurda çeper elli zenanlara hormatly atlaryň dakylmagy, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzda bu inçe senede uly sarpa goýulýandygyny görkezýär.

Bu günki gün türkmen halysy halkymyzyň maddy we ruhy medeni nusgalarynyň ençeme görnüşleriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawynda görnükli orny eýeleýär. Munuň özi haly sungatymyzyň dünýä ýüzünde beýik ykrarnama eýedigini görkezýär.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 52 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 133 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA

18 Ýanwar 2025 | 275 okalan

«Türkmenistan — ÝUNESKO»