TEBIGATY AÝAWLY SAKLAMAK – MUKADDES BORÇ

Merdana ata-babalarymyz tarapyndan ir döwürlerden bäri tebigata aýawly çemeleşip, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsi berk goralypdyr hem-de olaryň köpelmegi üçin yzygiderli alada edilipdir. Bu ynsanperwer ýörelgeler bagtyýar halkymyz tarapyndan häzirki döwürde hem dowam etdirilip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaklyga aýratyn üns berilýär. Çünki bu aladalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has hem gowulandyrmaklyga, tebigata bolan gatnaşykda düşünjeli çemeleşmäge uly ýardam berýär. Adamzadyň oňat ýaşaýşy, onuň tebigy baýlyklary peýdalanyşyna, tebigata bolan söýgüsine bagly bolup durýar. Tebigata we daşky gurşawa söýgi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigaty has-da gözelleşdirmek, agyz suwunyň, iýmitiň hilini gowulandyrmak ýaly meseleleriň baş wezipeleriň hataryna çykarylandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bag ekmek baradaky ählihalk ýowary hem, daşky gurşawy goramak baradaky edilýän aladalaryň biridir. Eziz Diýarymyzyň gözelligi, howanyň tämizligi ynsanlaryň saglygyna, olaryň dünýägaraýşyna hem oňyn täsir edýär.

Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek – hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar, bu bolsa, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

Tebigatymyzy goramak ugrunda bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

 

Laçinbek ALLABERGENOW,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

BILIM — BAGTYŇ AÇARY

Meňzeş habarlar

15 Ýanwar 2025 | 53 okalan

TEBIGATY AÝAWLY SAKLAMAK – MUKADDES BORÇ

15 Ýanwar 2025 | 8 okalan

BILIM — BAGTYŇ AÇARY