MILLILIK – NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşleriniň bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. Ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine söýgi döretmek, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny we Ogulabat käbämiziň döreden amaly-haşam sungat eserlerini giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen çäre «Millilik – nesil terbiýesiniň özeni» diýip atlandyryldy.

Maslahat duşuşygynda ýurdumyzyň ösüşi we taryhy wakalary, ene-mamalarymyzdan miras galan ýörelgelerimiz, aýratyn-da zenanlaryň on barmagyndan döreýän ajaýyp el işlerimiz dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlandygy baradaky gürrüňler gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim-terbiýe almagy, milli mirasymyzyň ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar