Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet we sungat ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň ruhy taýdan galkynan zamanasynda şekillendiriş sungaty beýleki sungatlar bilen bilelikde yzygiderli ösýär. Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzir sungatyň islendik ugrunda her bir adama özüniň ýiti zehinini, ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikler açyldy. Şeýle hem halkymyzyň ruhy dünýäsine lezzet berýän nakgaşlyk sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa suratkeşlerimiziň, sungatda öz öçmejek yzlaryny goýan nakgaşlaryň ýoluny mynasyp derejede dowam etdirýän ýaşlarymyzyň barha artmagy şekillendiriş sungatymyzyň rowaçlanmagyna uly itergi berýär.
Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki döwürde türkmen şekillendiriş sungaty pajarlap ösýär we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýyşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. 1990-njy ýyllarda Garaşsyzlygymyzyň alynmagy netijesinde ýaş suratkeşler halkyň durmuşynda we aňyýetinde watançylyk duýgularyny oýarmaklyk bilen modernizm, sýurrealizm, abstraksionizm akymlarynyň äheňlerine batyrgaý ýüzlenip, has erkin işläp başlaýarlar. Şol döwürlerde bilimli-ylymly ýaşlary kemala getirmek we olaryň dünýä belli şahsyýetler bolup ýetişmekleri öňe sürülýän esasy maksatlaryň biridir.
Sungatyň ilkinji ädimleri suratkeşlerden başlap, biziň şu günlerimize çenli köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda zähmet çekip, özüniň döredijiligi bilen giňden tanalýan suratkeşleriniň yzygiderli hatary ýüze çykdy. Modernizm, realizm, impressionizm, simwolizm akymlary bilen tanalýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň kalbynyň päkligi bilen ýerine ýetiren eserlerini göreniňde ruhuň joşýar.
Sungat ojagynyň sungat maşgalasy bolan Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň sazlaşykly, giň manyly filosofik eserleri görenleri haýrana goýýar. 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde Gahryman Goçmyradowyň 40 ýaş ýubileýi mynasybetli “Reňkleriň simfoniýasy” atly döredijilik sergisi açylyp, onda Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň nakgaş eserleri halk köpçüligine ýetirildi. Sergide 200-den gowrak işler görkezilip, olarda temalaryň, ýerne ýetiliş tehnikalaryň dürlüligi, reňkleriň sazlaşygy ynsana täsir etmegi başarýar. Göreniňde ruhuňy göterýän bu ajaýyp sergi fewral aýynyň 1-ne çenli halk köpçüligine hödürlenýär.
Amangül GOÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.