Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyny halkymyza sowgat etdi. Munuň özi halkymyza bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgat boldy.
Gadam basylan şanly ýylyň ilkinji günlerinden täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna giň gerimde badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşmak we täze kitabyň baý many-mazmuny barada bilmek ýaşlar üçin has-da gyzykly. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, mekdeplerde bilim alýan okuwçylar bilen geçirýän duşuşyklarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti hakda aýratyn gürrüň edýäris.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly eserdir. Bu eserde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilmegi, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jeminiň beýan edilmegi kitabyň gymmatyny we oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenendigini buýsanç bilen bellemek ýakymly. Bu ajaýyp kitaby sowgat eden Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.