YSLAMABATDA TÜRKMEN MEDENI GYMMATLYKLARY GÖRKEZILDI

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy 7 – 15-nji ýanwar aralygynda Yslamabatdaky Pakistan Milli sungat geňeşiniň galereýasynda geçirilen «Kalligrafiýa we sungat sergisiniň öçmez aýdyňlygy» atly sergä gatnaşdy.

Ilçihananyň habar bermegine görä, bu sergide Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gurmasyna agza ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan zehinli suratkeşleriň, suratçylaryň we senetçileriň sebitdäki halklaryň medeni mirasyny wasp edýän ajaýyp kalligrafiýa we çeper eserleri görkezildi.

13-nji ýanwarda köp myhmanlaryň gatnaşmagynda bu ýerde serginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Pakistanyň Milli miras we medeniýet ministrliginiň Federal sekretary Hassan Nasir Jamy, Yslamabatdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gurmasyna agza ýurtlaryň ilçileri we diplomatlary, ÝUNESKO-nyň wekilleri, Pakistanyň hökümet işgärleri we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan görkezilen gymmatlyklarda türkmen medeniýetiniň gözelligi we dürlüligi, baý taryhy hem-de döwrebaplygy öz beýanyny tapýar.

Sergä gatnaşanlar Türkmenistanyň ilçihanasynyň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy bilen bagly görkezen sungat eserlerine aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

 

turkmenportal.com