AŞGABATDA XXI HALKARA ŽAUTYKOW OLIMPIADASYNDA ŞOWLY ÇYKYŞ EDEN MEKDEP OKUWÇYLAR SYLAGLANYLDY

20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda XXI halkara Žautykow olimpiadasynda şowly çykyş eden mekdep okuwçylary sylaglanyldy. Mekdep okuwçylary bu abraýly halkara bäsleşiginde 2 altyn, 4 kümüş we 6 sany bürünç medala mynasyp boldular.

Olimpiada 13 – 17-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Magaryf ministrliginiň «Daryn» ylmy-amaly merkeziniň guramagynda takyk ylmy ugurlara degişli matematika, fizika we informatika dersleri boýunça geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň 15-sinden mekdep okuwçylarynyň 700-den gowragy, şol sanda, Türkmenistandan zehinli çagalaryň 21-si gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýlelikde, matematika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 135-nji mekdebiň 12-nji synp okuwçylary Hamza Allaberdiýew altyn medala, Maksat Babageldiýew bolsa kümüş medala mynasyp boldular.

Aşgabatdaky iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 86-njy mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Rahym Agamyradow, Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 49-njy mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow kümuş medallara, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 86-njy mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow, Begli Işanmyradow, 10-njy synp okuwçysy Sanjar Hojaniýazow, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Myrat Ruslanow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hudaýguly Hudaýberenow bürünç medala; fizika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jumadurdy Nuryýew altyn medala, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky umumybilim berýän 43-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow kümüş medala; informatika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 86-njy mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Amanmyradow bürünç medala mynasyp boldular.

turkmenportal.com