SANLY ULGAM — ÖSÜŞE BINÝAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bäsdeşlige ukyplylygyň, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň wajyp şerti hökmünde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, öňdebaryjy sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda edilýän tagallalar hem şol ugra gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn belläp geçmek gerek.  Bu ugurdaky tagallalaryň çäginde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylymda we bilimde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň bu ulgama ornaşdyrylmagy ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär.

Täze taryhy döwrümizde sanly ulgamyň ösüşine we ornaşdyrylyşyna  aýratyn üns berýän, Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga, gurmaga we döretmäge ajaýyp şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Tylla MEÝDANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar