Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watan goragçylarynyň baýramy döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we Konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana Watan ogullaryna bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda kemala gelen harby däp-dessurlaryny we harby sungatyny dowam etdirip, kämilleşdirip, watançylygyň we mertligiň mekdebine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp derejede dowam etdirilýän iri möçberli harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar. Harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk şahsy göreldesinden ugur alnyp, harby gullukçylaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan belent bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halky gadymy hem-de şöhratly taryhynda ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň abadançylygy, asudalygy, il-günüň erkana durmuşy ugrunda göreşip, harby gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler. Ähli zatdan belentde durýan edermenlik, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly türkmene mahsus bolan asylly häsiýetleri özünde jemleýän mukaddeslik – bu Watany goramak borjudyr. Merdana halkymyza, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, öz hünärine ökde harby gullukçylary we hukuk goraýjy işgärleri taýýarlamak bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär.
Manzura BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň kätibi.