BELENT SEPGITLERE YGRARLY ÝAŞLAR

Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşlaryň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi, oňat okamagy, işlemegi, milli ruhumyza mynasyp edep-terbiýe almagy, ilimize-ýurdumyza wepaly, ökde hünärmenler, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet derejesinde uly işleri amala aşyrýar. Ýaşlar mähriban Watanymyza, merdana halkymyza wepalylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik ýaly ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine hemişe ygrarly bolup, ylym-bilim dünýäsinde erjel, döredijilikli zähmetde tutanýerlilik bilen döwlet derejesinde edilýän aladalara mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň öňünde belent wezipeleri goýmak bilen, parasatly nesihatlaryny, goldaw-hemaýatlaryny berýär hem-de ýaşlara uly ynam bildirýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň ýokary derejede geçirilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň  Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, döwletimizde ýaşlara berilýän ünsüň iňňän uludygyny aýdyň görkezýär. Bu kadalaşdyryjy hukuk nama Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, tärlerini kesgitleýär. Kanun ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny, olaryň döwlet syýasatyny we jemgyýetiň ösüş maksatnamalaryny döretmäge we amala aşyrmaga gatnaşmagyny üpjün edýär.

Şunda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, maksatlary, wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi. Maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň hem-de olara döwlet goldawyny bermegiň her bir ugur boýunça anyk beýan edilmegi bilen çäklenilmän, eýsem, ýaş maşgalalary durmuş-ykdysady taýdan goldamagy hem göz öňünde tutýar. Kanunyň esasy maksady giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olara oňyn şertleri döretmek, telekeçiligi ösdürmek, olaryň saglygyny goramak, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeklerini gazanmak, halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermek ýaly şertleri döretmekdir.

Gazanylýan belent sepgitleriň gözbaşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  bimöçber aladalary, irginsiz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere egsilmez güýç bolup goşulýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Gazanylýan üstünliklere ruhlanýan ýaşlar hem, berkarar döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini pugtalandyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

 

Gülruh TAGANOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky

mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 28 okalan

ÝAKYMLY TÄSIRLERI DÖRETDI

24 Iýun 2025 | 27 okalan

MEDENIÝETIŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BAÝRAMY

19 Iýun 2025 | 115 okalan

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR