«OGUZ HANYŇ ZEHINLI NESILLERI» ATLY III INTEGRIRLENEN OLIMPIADA GEÇIRILER

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylaryny «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda logiki pikirlenmek, matematika, fizika, himiýa, biologiýa ýaly bäş ugur boýunça geçirilýär. Olimpiada 3 tapgyrda – etrap, welaýat we döwlet derejelerinde geçiriler.

Olimpiadada her mekdepden ýokary synp okuwçylaryň 5-si çykyş edip biler. Olimpiada gatnaşmak isleýän okuwçylaryň sanawy 25-nji fewrala çenli oguzzehin@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylara iberilmelidir.

Bäsleşikleriň birinji tapgyry 10–15-nji mart aralygynda, ikinji tapgyry 8-nji aprelde geçirler. Şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda Aşgabatda olimpiadanyň döwlet tapgyry geçirilip, oňa birinji we ikinji tapgyrlaryň netijeleri boýunça ýokary netijeleri görkezen iň oňat okuwçylar çagyrylar.

Finala gatnaşyjylar üçin tomuzky dynç alyş döwründe Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan çäreleriň baý maksatnamasy guralar. Oňa sport ýaryşlary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gözel ýerlerine gezelenç etmek girer. Uniwersitetiň professorlary okuwçylar üçin sapak geçerler hem-de olary ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ylmy taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiadanyň ýeňijilerine hem-de baýrak eýelerine uniwersitetiň Diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar. Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmekleri üçin teklip haty berler.

Olimpiadanyň geçirilişi, gatnaşmak üçin haýyşnamany doldurmagyň we ibermegiň düzgünleri baradaky doly maglumatlar uniwersitetiň saýtynda ýerleşdirilendir.

Integrirlenen olimpiada Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça meýilnama laýyklykda, şeýle hem ýurduň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, okuwçylaryň ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny höweslendirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanmagy başarýan, giňden pikirlenmäge hem-de öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply zehinli, işjeň, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

 

turkmenistan.gov.tm