TÜRKMEN MUGALLYMY HINDISTANYŇ ABRAÝLY ÝOKARY OKUW MEKDEBINDE ÇYKYŞ ETDI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow, Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşýar.

Bu çäre 2025-nji ýylyň 22-nji ýanwary 18-nji fewraly aralygynda Hindistanyň Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) çäklerinde ýurduň Öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri we gözleg milli institutynda geçirilýär. Okuw maslahatynyň temasy «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin tehniki we hünär bilimini hem-de okuw ulgamlaryny güýçlendirmek» diýlip atlandyrylypdyr. Maslahata 25 ýurtdan 30 wekil gatnaşýar.

7-nji fewralda bu çärä gatnaşýan türkmen mugallymy Hindistanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hindi tehnologiýalar we ylym institutynda geçirilen halkara maslahatda çykyş etdi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2023-nji ýyldan bäri Hindistanyň Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) hyzmatdaşy bolup durýar. Şondan bäri bu türkmen ýokary okuw mekdebiniň bäş mugallymy Hindistanda öz hünärini kämilleşdirdi.

 

turkmenportal