ÝAŞLAR – EZIZ WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

Golaýda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Ýaşlar – eziz Watanymyzyň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredip, ildeşlerimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrandygy dogrusynda aýdylanlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi bilen bagly ýagşy arzuwlaryny aýtdylar we ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýän, halkymyzy şeýle eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Laçyn BAZAROWA,

Türkmenistsanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar