MILLI DIPLOMATIÝANYŇ ÖSÜŞ ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Milli diplomatiýanyň ösüş ýoly – ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň kepili» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň jemgyýetçilik syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ösüşlere, alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna, mynasyp goşant goşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini we parahatçylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ygtybarly ulgamynyň kemala gelmegine, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň başlangyçlaryna möhüm ähmiýetiň berilýändigini uly buýsanç bilen bellediler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda halypa diplomatlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Selbi ATAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar