BEHIŞDI BEDEWLER — BUÝSANJYMYZ, ŞANYMYZ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik  «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligine bagyşlandy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň ajaýyp üstünliginiň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylyň şatlykly wakasyna öwrülendigi, atly jigitlerimiziň ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny belende göterendigi barada buýsanç bilen bellenip geçildi. Nygtalyşy ýaly, milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünligi milli sirk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar berkarar döwletimizde atşynaslygy ösdürmek, ýaşlarda atçylyk sportuna, bedew ata söýgi döretmek babatda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar