EDEP-TERBIÝE MESELESINE BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini we edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda ýaşlaryň edep-terbiýesi bilen bagly täsirli çykyşlar boldy. Her bir mukaddes ojagyň eýesi boljak ýaş gyzlaryň päk ahlakly, lebzi halal, sada, gözel görkli zenanlar bolup ýetişmekleri baradaky pikirler duşuşykda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Duşuşykda jemgyýetimizde ýaşlaryň orny, olaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilýän şertler dogrusynda durlup geçildi. Ahlak arassalygy, edep-ekram bilen baglanyşykly berlen öwüt-ündewler hem okuwçy ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Fewral 2025 | 41 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 49 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY

18 Fewral 2025 | 67 okalan

DÜZZÜM ÝARYŞY ÖKDELERI ÖŇE SAÝLADY