Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki düzzüm ýaryşynyň welaýat tapgyry geçildi.
Ýaşlary sporta giňden çekmek, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan mekdep okuwçylary gatnaşyp, özleriniň sport ussatlygyny görkezdiler. Düzzüm ýaryşynyň netijesinde okuwçy oglanlaryň arasynda Babadaýhan etrabynyň topary birinji, Tejen etrabynyň topary ikinji, Kaka etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Okuwçy gyzlaryň arasynda Gökdepe etrabynyň topary birinji, Babadaýhan etrabynyň topary ikinji, Tejen etrabynyň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.