Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýat boýunça wekilhanasy hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyylygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň ruhubelentlikde gatnaşmagynda geçen maslahata gatnaşyjylar muzeýe aýlanyp, onda sergilenen gymmatlyklary synladylar. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra mejlisler jaýynda öz işine başlan maslahatda täsirli çykyşlar diňlendi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýewiň çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny, şan-şöhratynyň belende götermekde, milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda, halkara gatnaşyklary ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda, şeýle-de parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary işjeň ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi.
Şanly senä bagyşlanan maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy bedew batly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen baky bagtyýarlyga alyp barýan, netijeli işlemäge giň mümkinçiliklerdir şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Guwanç HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.