MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi.

Ýaryşda welaýatymyzyň ähli etraplaryndan gelen okuwçy ýaşlar stol üstündäki tennisde özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli ýagdaýda geçen bu ýaryşyň netijesinde Ak bugdaý etrabynyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar birinji, Gökdepe etrabynyň topary ikinji, Tejen etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Wepa ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

21 Fewral 2025 | 41 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 49 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY

18 Fewral 2025 | 67 okalan

DÜZZÜM ÝARYŞY ÖKDELERI ÖŇE SAÝLADY