Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky 4-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Bagtyýar ýaşlar — röwşen geljegimiz» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara uly ynam bildirýär. Olaryň döwrebap bilim almagy, sagdyn bedenli, watansöýüji, päk ahlakly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Şoňa görä-de, ýaşlar ajaýyp gylyk-häsiýetleri özlerine ýörelge edinmelidir, ata Watanymyza mynasyp nesiller bolup ýetişmelidir.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyga gatnaşanlar berkarar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.