TÜRKMENISTANA MILLI ÝAPON SUNGATYNYŇ USSATLARY GELDI

Milli ýapon aýdym-sazynyň we tans sungatynyň ussatlary Türkmenistana geldi.

Hanym Ueda Çiho we jenap Kikuki Ýutaka eýýäm Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördüler. Olar bu ýerde talyplar we mugallymlar bilen duşuşdylar.

Duşuşykda ýapon saz guraly sýamisende saz çalmak boýunça ussatlyk sapaklary berildi we medeni alyş-çalyş geçirildi.

Duşuşykda türkmen talyplary dutar çalmagy görkezdiler we sýamisen çalmakda ellerini barlap gördüler. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

 

turkmenportal

20.02.2025ý.