2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly brifing duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ösüşlere, alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna, mynasyp goşant goşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini we parahatçylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, daşary syýasatyň ygtybarly ulgamynyň kemala gelmegine, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň başlangyçlaryna möhüm ähmiýetiň berilýändigini, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürmek babatynda netijeli işleri alyp barýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Şeýle-de brifinge gatnaşan ýaşlar täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti dogrusynda özlerine gyzyklandyrýan sowallar bilen çykyş etdiler we onuň ahyrynda ýaşlara saýlap alan hünärinden döredijilik zehinini açyp görkezmekde giň mümkinçileri döredýän we halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlaryna giň orun berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Selbi ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
baş hünärmeni.