Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda ýaş, zehinlije körpeleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, yzygiderli guralýan “Ýaş zehin” atly telegepleşiginiň täze sany ýazgy edildi.
Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalar, şol sanda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleri gatnaşdylar. Körpe gyzjagazlaryň arasynda heniz kiçijikligine garamazdan türkmen milli el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarmagy guwandyryjydyr. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli mirasyny çuňňur öwrenmek, ony saklamak, giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban Käbesi Ogulabat ejäniň bejeren el işleri her bir türkmen zenany üçin nusgalyk görelde bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ogulabat ejäniň işläp bejeren el işleriniň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy babatdaky asylly maksatlary özünde jemleýär.
Gepleşigiň dowamynda körpeje zehinleriň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, ýürek buýsançlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Munuň özi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýürekleriniň buýsançdan, alkyşdan doludygyny görkezýär.
Bagtyýar çagajyklaryň aýdyň geljegi, ýagty ertiri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Aýnabat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.