Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ata Watanymyz ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösüşlerinde-de öňdebaryjy döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň kuwwaty yzygiderli artdy. Eziz Diýarymyz ençeme iri halkara we sebitleýin taslamalary öňe sürüp, çykyş etmek bilen, halkara hyzmatdaşlykda ýokary netijeleri gazandy. Geografik taýdan amatly ýerleşen döwletimiz Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, özüniň eksport we import mümkinçiliklerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Geçmişde ülkämiziň çäginden çar tarapa uzap gidýän kerwen ýollaryny öz içine alan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän howa, deňiz-derýa, demir we gara ýollary görnüşinde döwrebaplaşdyrylmagy halkara we sebitara gatnaşyklarda durnukly ösüşe berkitmekde täze mümkinçilikleri açýar. Bu babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere näçe diýseň mysallary getirmek mümkin. Diňe bir mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň halkara howa menzili däl, eýsem, welaýatlardaky gurlup ulanylmaga berlen howa menzillerinde islendik görnüşli we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmeklige mümkinçilikler döredilen. Gojaman Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri hem ýylsaýyn artdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän demir we gara ýollary hem, halkara derejeli gatnaşyklarda, üstaşyr geçiriji ýük gatnawlarynda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Bu işleri talabalaýyk ýola goýmakda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmakda döwür bilen aýakdaş ädimler ädilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen döwletimiziň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga uly itergi berjek Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkunyň düýpli täzelenmegi, häzirkizaman ösen kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap binalaryň we desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmekde ädilen möhüm ädimleriň biri bolup durýar. Has irki döwürlerden bäri goňşuçylykda ýerleşýän Özbegistan döwleti bilen serhetleşýän «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze dolandyryş binasynyň, ulag serişdelerini we harytlary resmileşdirmek işlerini amala aşyrmaga niýetlenen iki sany binanyň, awtoulaglary gümrük barlagyndan geçirmeklige niýetlenen iki sany gözegçilik bassyrmalarynyň, gulluk itleriniň saklanylýan ýeriniň, gümrük nokadynyň Türkmenistan we Özbegistan tarapynda derwezeleriň ikisiniň, şeýle hem, birnäçe durmuş we tehniki maksatly döwrebap desgalary öz içine alýan täze binalaryň gurulmagy, şeýle-de, öňden bar bolan desgalaryň birnäçesiniň durkunyň düýpli täzelenmegi, ozalky hereket edýän gümrük nokadynyň umumy meýdanynyň 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldilmegi, halkara derejeli ýükleri geçirmekde edilýän hyzmatlarda mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň döredilmegi, bularyň ählisi, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygynyň oňyn görkezijileridir.
Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkara derejeli başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» durmuşa geçirýän dünýä ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Wepa ESENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.