“IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2025”

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Milli bahar baýramy mynasybetli bilelikde yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly şadyýan bäsleşiginiň Büzmeýin etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň 144-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa etrabyň çäginde bilim alýan 2-4-nji synplarda okaýan gyzlar gatnaşdylar.

Eminler toparynyň beren bahalary netijesinde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Berdiýewa Nurgözel, 2-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 3-nji synp okuwçysy Möwlamowa Leýli, 3-nji orna bolsa 147-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Begmyradowa Nurana hem-de 95-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Ýolgeldiýewa Medine dagylar mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mährijemal ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Fewral 2025 | 206 okalan

BITARAPLYK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

26 Fewral 2025 | 1771 okalan

“IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2025”

24 Fewral 2025 | 278 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ GIREWI