Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, oňa gatnaşýan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşyny ýerine ýetirmekde, milli egin-eşiklerimizi geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmekde we öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan biziň şugünlerimize nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerimiziň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.
Bäsleşigiň netijesinde etrabymyzyň 25-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Mylaýym Garajaýewa I orna, 19-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Halyma Hydyrowa II orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi we etrap bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Nury NURYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.