WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Hazar şäherçesiniň 36-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda şäherçäniň çäginde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek, ilatly ýerleri arassa saklamak, zir-zibil dökülýän nokatlarda arassaçylygy berjaý etmek boýunça ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we arassaçylygyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda oňa gatnaşanlara ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygy, her bir adamyň kesellerden goranmagy, sagdyn ýaşamagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmegi, arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagy, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüni almak üçin sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň göreldesi, olaryň keselleriň öňüni almaga gönükdirilen degerli maslahatlary, şol sanda arassaçylygyň dogry we doly berjaý edilmegi babatda giňişleýin düşündirildi.

 

Baýramgül HEMRAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Hazar şäherçe bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Mart 2025 | 11 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

15 Mart 2025 | 10 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI