Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Halkara parahatçylyk-ynanyşmagyň özeni» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde, halkara dost-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerini wagyz etmek şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde 2025-nji «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly atly kararnamanyň kabul edilmegi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi ugrunda ähli aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Akbäbek GURBANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.