«IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2025» ATLY BÄSLEŞIGIŇ AK BUGDAÝ ETRAP TAPGYRY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrap bilim we medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda etrabyň Gämi oba medeniýet öýünde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda berkarar Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi, bagtyýar çagalygy joşgunly aýdym-sazlary bilen wasp etdiler, milli lybaslarymyzy şahyrana sözleriň üsti bilen mahabatlandyrdylar, milli el işlerimizi ýerine ýetirmek başarnygyny görkezdiler. Turuwbaşdan täsirli geçen bäsleşikde etrabyň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ajaýyp Hudaýberdiýewa baş baýraga, 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülnäz Kemalowa birinji orna mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşige gatnaşan beýleki gyzjagazlar hem höweslendirildi.

 

Gülälek ORANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 73 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 80 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 210 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK