GÖRKI GÜLDEN ZYÝADA

Düýn Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyra ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 23-si gatnaşdy. Täze taryhy döwrümiziň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsanjyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu gözellik bäsleşigi olaryň döredijilik ylhamyny has-da ganatlandyrdy.

«Talyp gözeli — 2025» bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent dabarasyny beýan edýän aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen taýýarlanan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde başarnyklaryny görkezdiler.
«Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan şert boýunça gyzlar keşde çekdiler. Bilşimiz ýaly, bu milli sungat ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Ýaşyl dona bürenip, töwerek-daşymyzy al-elwana öwürýän baharyň ilkinji günlerinde geçirilen bu gözellik bäsleşiginde eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Marketing fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulhajar Gulowa, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Güljahan Hojaýewa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kümüş Annabaýewa, 3-nji orna degişlilikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gülşirin Mamanowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Akmaral Ýagmurowa dagylar mynasyp boldular. Baýrakly orunlara we işjeň gatnaşan talyp gyzlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gözellik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, türkmen zenanlarynyň abadan durmuşy, dürli ugurlarda zähmet çekmegi, bilim almagy üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesil barada alada edilýändigi, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň baýlaşdyrylýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar