ZEMINIŇ GÜL LÄLESI, MÄHREM GÖZELLER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ilkinji ýaşlar gurmasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli guramanyň işjeň gyz-gelinleriniň gatnaşmaklarynda «Zeminiň gül lälesi, mährem gözeller»  atly şygar bilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Balkan welaýat kitaphanasynda guralan duşuşyga dürli kärlerde zähmet çekýän işjeň gelin-gyzlar  jemlenip, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guralýan baýramçylyk çäresi mynasybetli ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Baýramçylyk duşuşygyň dowamynda bakylygyň gözbaşy, döwletli törleriň ýaraşygy, ar-namysyň tugy saýylýan türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa barada hem täsirli söhbet edilip, zenanlary wasp edýän aýdym – sazlar ýaňlandy.     

Aýnatäç NEDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Mart 2025 | 0 okalan

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYK MEKANY

17 Mart 2025 | 0 okalan

PASPORT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

15 Mart 2025 | 77 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY