Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri , olaryň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmekleri, döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” atly şadyýan bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, oňa gatnaşýan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşyny ýerine ýetirmekde, milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmekde, öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda I orna Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Annagylyjowa Narbibi, II orna Türkmenbaşy şäherindäki 15-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Amanowa Arzuw mynasyp bolup bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdir.