Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, päk ahlakly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, şeýle, hem maşgala agzybirligi, abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda ýaňy ýakynda hem Balkan welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramgynda Balkanabat şäheriniň köp ugurly sport toplumynda köp çagaly maşgala agzalaryň arasynda “Sagdyn maşgala, sagdyn nesil” ady bilen geçirilen sportyň estafeta görnüşi boýunça bäsleşigi çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan maşgalalaryň agzalary ilki päsgelçiliklerden ylgap geçmek, soňra şol päsgelçiliklerden elleri pökgüli we pökgini bökdürip ylgap geçmek boýunça ýaryşdylar.
Şowhunly geçen sport bäsleşiginde, I orna Ataýewleriň maşgala agzalaryndan ybarat bolan “Asuda” topary, II orna Hudaýberdiýewleriň maşgala agzalaryndan ybarat bolan “Ynam” topary, III orna Baýramowlaryň maşgala agzalaryndan ybarat bolan “Asman” topary mynasyp boldylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden maşgala agzalaryna TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat jemgyýetçilik guramalaryň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni