ZENAN-ZEMINIŇ GÖRKI

Ajaýyp zamanymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Watanymyzda giňden bellenilýän Halkara Zenanlar gününe, Watanymyzyň bagtyýar zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan dürli ugurlarda öz hünär başarnyklaryny görkezip zähmet çekýän zenanlaryň şeýle-de kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda “Zenan-zeminiň görki” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde  Türkmenbaşy  şäheriniň  medeniýet sungat ussatlary ajaýyp ýurdumyzy, maşgala ojagynyň sütüni, wepalylygynyň nusgasy hasaplanylýan gelin-gyzlarymyzy, mährem enelerimizi wasp edip aýdymdyr-tanslary, edebi-sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan Ýaşlar syýasatyny giňden wagyz etmekde, geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde işjeň çykyş edip aýratyn tapawutlanan ilkinji ýaşlar guramasynyň agzalaryna hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan bagtyýar zenanlarymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlary aýtdylar.

 

Umyt BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

 

 

Meňzeş habarlar

15 Mart 2025 | 11 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

15 Mart 2025 | 10 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI