SIZE SOWGAT BOLSUN AL-ELWAN GÜLLER, MÄHRIBAN ENELER, MÄHREM UÝALAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan TNGIZT-niň medeni sport toplumynda “Size sowgat bolsun al-elwan güller, mähriban eneler, mährem uýalar” atly dürli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli gelin-gyzlarymyzy, kümüş saçly enelerimizi tüýs ýürekden gutlap, bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan, türkmen zenanlaryny sarpalaýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Annagül BEGNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň uly buhgalteri

 

Meňzeş habarlar

15 Mart 2025 | 11 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

15 Mart 2025 | 10 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI