Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak şeýle-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň görülýän çäreleri ýaşlarymyzyň aňyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen «Buýsanjymyz Watan Bitaraplygy» atly aýdym-sazly, dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygy medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly tans toparlarynyň çykyşlaryna baý boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.