KITAP OKAÝANYŇ RUHY BAÝ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 5-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň halk köpçüligine gowuşmagy mynasybetli «Kitap okaýanyň ruhy baý» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eseriniň çapdan çykmagy, diňe bir türkmen ýaşlarynyň däl, eýsem, tutuş türkmen halkymyzyň buýsanjyny artdyrýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde Gündogaryň şygryýet äleminiň ussady, şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, bitiren ägirt işleri, beren öwüt-nesihatlary barada beýan edilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle baý many-mazmunly bu ajaýyp eseriň tutuş watandaşlarymyzyň arasynda uly gyzyklanma döredip, ähli halkymyzyň ýan kitabyna öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň gür bolmagyny, döwet galamynyň ýiti bolmagyny, alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Bagtyýar MATDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar