TÜRKMENISTAN DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe bölümçesi, şäherçe Geňeşligi bilen bilelikde guramagynda şäherçäniň 31-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda şol dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň ýaşlaryň wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişlere tarap ynamly öňe barmagy dogrusynda edilen buýsançly çykyşlar öz mynasyp ornuny tapdy.

Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar bagtyýar türkmen halkymyzy beýik işler, belent maksatlar bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan etdiler.

 

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäheriniň

Gumdag şäherçe bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar