Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi we Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçe Polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda Hazar şäherçesiniň 35-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ösüp gelýän nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmagyny, sagdyn ruhly berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek maksady bilen «Bagtyýar ýaşlar watan buýsanjy» ady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň her bir tutumly işleriniň türkmen halkynyň geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalara ýugrulandygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaşlaryň ýaramaz nogsanlyklara baş goşmazlyklaryny gazanmakda, olary ahlak taýdan arassa, ähli taraplaýyn kämil nesil edip terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Baýramgül HEMRAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Hazar şäherçe bölümçesiniň
baş hünärmeni.