Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik gurmalarynyň gatnamagynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary bilen bilelikde «Alpamyş» eposynyň janlandyrylyşy boýunça aýdym-sazly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahat duşuşygynda çykyş eden myhmanlar «Alpamyş» eposyny içgin täsirli gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri «Alpamyş» eposyndan bir parça ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda bolsa medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan Türkmenistan we Gazagystan goňşyçylyk döwletlerini wasp edýän aýdym-sazlar, tans toparlaryň çykyşlary boldy.
Gülnara SARYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň işgäri.